Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen bolan duşuşygynda “Eýran indi ABŞ-na ynanmaýar” diýdi.
Eýran tarapyndan berlen ýazmaça beýannama görä, BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-na giden Pezeşkiýan, BMG-niň Baş sekretary Guterriş bilen duşuşdy.
Pezeşkiýan duşuşykda Guterrişe “Eýran gepleşiklere garşy däl emma tejribelerine görä indi ABŞ-na ynanmaýar” diýdi.
Ýurdunyň sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyny isleýändigini ýatladan Pezeşkiýan “Eýran daşarky basyşlara boýun egmez” diýdi.
BMG-niň Baş sekretary Guterriş, dartgynlygyň gowşamagy üçin syýasy we diplomatiýa taýdan edilýän tagallalaryň dowam etdirilmelidigini belledi.




















