“Woll Street Žornal” çarşenbe güni beren habarynda, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň egindeşlerine Eýran amerikan esgerini öldürmese ylalaşygy dowam etdirjekdigini aýtdy.
Amerikaly resmilere esaslanylýan habara görä, Tramp Eýran bilen çaknyşyklaryň dowam etdirilmegini islemeýär we Ýakyn Gündogarda uly göwrümli çaknyşyklardan gaça durmak üçin birnäçe hepde hatda birnäçe aý dowam edip biljek kiçi göwrümli çaknyşyklara geçirimlilik eder.
ABŞ bilen Eýranyň arasynda aprel aýynda atyşygyň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşyga garamazdan şu hepde iki taraply hüjümler guraldy.
Eýran ABŞ-nyň sebitdäki harby bazalaryna we Kuweýdiň halkara howa menziline hüjüm gurady. Eýranyň guran dron we raketa hüjümlerinde 1 adam ýogaldy.
ABŞ bilen Ysraýyl 28-nji fewralda Eýrana garşy hüjüm başlatdy.
Eýran Ysraýyly we ABŞ-nyň aýlag ýurtlaryndaky harby bazalaryny nyşana almak bilen hüjümlere degişli gaýtawuly görkezdi.
Eýran mundan başgada ABŞ bilen Ysraýylyň bilelikdäki hüjümleri sebäpli Ormuz bogazyny ýapdy.
Aprel aýynyň başynda atyşygyň bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanyldy, emma ABŞ Eýranyň portlaryny gabaw astyna aldy.
















