DÜNÝÄ
1 minut okamak
ABŞ-nyň Eýranyň günortasyndaky harby desgalara täze howa hüjümlerini amala aşyrandygy habar berildi
ABC News-yň maglumatyna görä, hüjümler ABŞ-nyň harby güýçlerine we deňiz gatnawlaryna howp salýan diýlip hasaplanýan Ormuz bogazyndaky nyşana gönükdirilendir.
ABŞ-nyň Eýranyň günortasyndaky harby desgalara täze howa hüjümlerini amala aşyrandygy habar berildi
ABŞ-nyň Eýranyň günortasyndaky harby desgalara täze howa hüjümlerini amala aşyrandygy habar berildi

ABŞ-nyň metbugatynda amerikan resmisine salgylanyp çap edilen habara görä, ABŞ Eýranyň günortasyndaky harby desgany nyşana alyp, täze howa hüjümlerini amala aşyrdy.

Resmi çarşenbe güni ABC News teleýaýlymyna beren beýanatynda hüjümleriň ABŞ-nyň harby güýçlerine we deňiz gatnawlaryna howp salýan diýlip hasaplanýan Ormuz bogazyndaky nyşana gönükdirilenendigini habar berdi.

Ozal bolsa Eýrana garşy urşy bes etmek üçin gepleşikleriň ýagdaýy barada beýanat beren ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp: "Men ondan hoşal däldirin, emma biz hoşal bolarys. Ýa bu bolar, ýa-da biz işi tamamlamaly bolarys" diýipdi.

28-nji fewralda ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýrana garşy garaşylmadyk hüjümleri bilen sebitdäki dartgynlylyk hasam güýçlenipdi. Muňa jogap hökmünde Tähran Ormuz bogazyny ýapdy we sebitdäki ýurtlara gönükdirilen uçarmansyz howa ulagy hüjümleri we raketa hüjümleri bilen jogap beripdi.

Soňraky günlerde Pakistanyň araçylygynda ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşyk 8-nji aprelde güýje giripdi, ýöne Yslamabatda geçirilen gepleşikler dowamly ylalaşygy üpjün etmändi.