DÜNÝÄ
2 minut okamak
Ukrainanyň Luganskda guran hüjüminde 4 adam ýogaldy
Russiýa Ukrainanyň Starobelskde koleže we umumy ýaşaýyş jaýyna hüjüm gurandygyny öňe sürdi.
Ukrainanyň Luganskda guran hüjüminde 4 adam ýogaldy
Ukrainanyň Luganskda guran hüjüminde 4 adam ýogaldy / Reuters

Russiýanyň adam hukuklary boýunça komisary Ýana Lantratowa Telegram arkaly beren habarnamasynda, Russiýanyň gözegçiligi astyndaky Lugansk sebitinde Starobelsk uniwersitetine degişli koleže we umymy ýaşaýyş jaýyna Ukraina tarapyndan guralan dron hüjüminde 4 adamyň ýogalandygyny, 35 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Ýana Lantratowa “Çagalaryň bilim alýan mekdebine we asuda ilatyň ýaşaýan ýerine guralan bilkastlaýyn hüjüme halkara jemgyýetçiliginiň garşylyk görkezmegine garaşýarys” diýdi.

Russiýanyň Adatdan Daşary ýagdaýlar ministrliginiň beren beýannamasyna görä, hüjüme sezewar bolan binanyň harabalygyndan 3 adam halas edildi.

Russiýa tarapyndan bellenen Luganskyň häkimi Leonid Paseçnik, “Çagalar harabalygyň aşagynda galdy, gözleg we halas ediş işleri dowam edýär” diýdi.

Leonid Paseçnik hüjüme sezewar bolan binalarda 86 çaganyň bardygyny belledi.

Paseçnik hüjüm sebäpli Starobelsde ýaşaýyş jaýlaryna we binalara zeper ýetirlendigini nygtady.

Russiýanyň Goranmak ministrligi Telegram arkaly beren habarnamasynda düýn gije ýurduň çar tarapynda Ukraina degişli 217 dronyň urlup düşürlendigini mälim etdi.

Ukrainanyň Baş ştabynda berlen beýannamada bolsa, Russiýanyň atan 124 dronyndan 115-niň hatardan çykarlandygy bellenildi.

Rus hüjümleri sebäpli soňky bir günde 12 adamyň ýaralanandygy nygtaldy.

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, Russiýanyň Ýaroslawl nebit rafineriýasy bilen arabaglanşykly ýerleri nyşana alandyklaryny mälim etdi.

Zelenskiýe görä üstümizdäki ýylyň başyndan bäri Russiýanyň çeken adam pidasy 145 müňden geçdi.

Hüjümlerde 86 müň adam ýogaldy, azyndan 59 müň adam agyr ýaralandy we 800 adam hem ýesir alyndy.