Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhaettin Duran sosial media arkaly beren habarnamasynda, Ankaranyň “Türkiýe asyry” maksadyna laýyklykda uly işleri amala aşyrýandygyny nygtady.
Prezident R. T. Erdoganyň gatnaşmagynda geçirlen dabarada ulanylmaga berlen Ankara howa menziliniň we arabaglanşykly ýollaryň soňky 23 ýylda ulag we infrastruktura ulgamlary boýunça edilen öňe gidişligiň nyşany boljakdygyny nygtan Duran: “Paýtagt Ankaramyz Türkiýe Asyry maksadynyň çäginde ýene-de bir möhüm täze esere eýe bolýar. Prezidentimiz R. T. Erdoganyň gatnaşmagynda geçirlen dabarada ulanylmaga berlen Ankara howa menzili we arabaglanşykly ýollar soňky 23 ýylda ulag we infrastruktura ulgamlary boýunça edilen öňe gidişligiň nyşany bolar.
Ankara howa menzili döwrebap gurluşy we strategik ýerleşişi taýdan paýtagtymyzyň halkara derejesindäki rolyny we awiasiýa kuwwatyny has-da güýçlendirer. İýul aýynyň 7-8-i aralygynda geçiriljek NATO-nyň döwlet we hökümet baştutanlary sammitiniň çäginde dünýä liderlerini garşylap Türkiýäniň diplomatik güýjüne uly goşant goşar. Ankara howa menziliniň paýtagtymyz, eziz halkymyz we ýurdumyz üçin düşümli bolmagyny dileýärin. Howa menziliniň gurulmagyna goşant goşan her bir adama sagbolsun aýdýaryn” diýdi.

















