DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýanyň Kiýewe guran hüjümleriniň netijesinde azyndan dokuz adam ýogaldy
Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugy hüjümlerde azyndan dokuz adamyň ölendigini we 34 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.
Russiýanyň Kiýewe guran hüjümleriniň netijesinde azyndan dokuz adam ýogaldy
Russiýanyň Kiýewe guran hüjümleriniň netijesinde azyndan dokuz adam ýogaldy

Prezident Wladimir Zelenskiýniň Moskwanyň "giň gerimli hüjüme" taýýarlanýandygy baradaky duýduryşyndan soň, penşenbe güni irden Russiýa raketalar we uçarmansyz howa ulaglary bilen paýtagt Kiýewe hüjüm gurady we azyndan dokuz adamyň ýogalmagyna we onlarça adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi Kiýewe garşy "giň gerimli hüjüm" başladandygyny we muny "Kiýew režiminiň raýat infrastrukturasyna guran terrorçylykly hüjümlere jogap hökmünde amala aşyrylýandygyny" beýan etdi.

Hüjümler Ukrainanyň Harby-howa güýçleriniň ballistik raketalaryň paýtagta tarap gelýändigi barada beren duýduryşyndan soň başlady; Zelenskiýniň özi çarşenbe güni Dublina guran saparyny gysgaltdy we onuň Russiýanyň hüjüminiň golaýlap gelýändigi baradaky aňtaw maglumatlaryna salgylandy.

AFP habarlar gullugynyň žurnalistleri Kiýewiň merkezi we gündogar böleginde ondan gowrak partlamanyň bolandygyny we ýaşaýjylaryň, şol sanda çagalaryň hem öý haýwanlary bilen metro stansiýalarynda gaçybatalga tapmaga synanyşýandyklaryny gördüklerini habar berdiler.

Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugy hüjümlerde azyndan dokuz adamyň ölendigini we 34 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Kiýewdäki harby dolanşygynyň başlygy Timur Tkaçenko Russiýany asuda ilaty we ýaşaýyş jaýlaryny bilkastlaýyn nyşana almakda aýyplady.