ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Eýran bilen geçirilýän gepleşikler barada durup geçip: "Meniň pikirimçe, olar biziň talap edýän zatlarymyzyň tas hemmesini kabul etdiler" diýip aýtdy.
Donald Tramp “CNBC “teleýaýlymyna beren interwýusynda Eýran bilen geçirilýän gepleşikler hakynda garaýyşlaryny beýan etdi.
Gepleşikleriň dowam edýändigini bellän Tramp: "Biz gepleşikleri dowam etdirýäris. Meniň pikirimçe, olar biziň talap edýän zatlarymyzyň tas ählisini kabul etdiler" diýdi.
Şeýle hem Tramp Eýranda "rejimi üýtgetmek" maksadynyň ýokdugyny nygtap: "Meniň isleýän zadym örän ýönekeý: Olar ýadro ýaragyna eýe bolup bilmezler" diýd.
ABŞ bilen Ysraýyl 28-nji fewralda Eýrana garşy hüjümlere başlapdy. Resmi Tähran bolsa muňa jogap hökmünde Ysraýyla hem-de Aýlag sebitindäki amerikan desgalaryna garşy ar alyş hüjümlerini gurapdy.
Taraplaryň arasyndaky gepleşikler töwellaçylar arkaly dowam etdirilýär.




















