SYÝASAT
1 minut okamak
ABŞ-nyň Wise-prezidenti Wens: "Trump mejbur bolmasa, Eýrana goşun ibermez"
ABŞ-nyň wise-prezidenti JD Wens prezident Donald Trampyň "aç-açan kesgitlenen maksat" bolmasa, Eýrandaky harby operasiýalary gaýtadan başlatmak niýetiniň ýokdugyny aýtdy.
ABŞ-nyň Wise-prezidenti Wens: "Trump mejbur bolmasa, Eýrana goşun ibermez"
(ARHIW) ABŞ-nyň wise-prezidenti JD Wens Ak tamda

Wens Wiržiniýa ştatynda metbugat işgärlerine Eyran bilen bagly beýanat berdi.

Haýsydyr bir meseleede kepillik berip bilmejekdigini çünki onuň Eyraňyn çemeleşmesine bagly boljakdygyny nygtap Wens Trampyň “zerur bolmasa” we "aç-açan kesgitlenen maksat bolmasa” harbylarymyzy yzyna ibermejekdigi" kepillendirip biljekdigini nygtady.

Wens Dohada dowam edýän gepleşikleriň "netijelidigini" tassyklady we hökümetiň "ýagşy niýetli" gepleşiklere üns berýändigini belledi.

Gepleşikleriň netijeli bolmagy üçin degişli çäreleriň görüljekdigini aýdan Wens: “Emma Eýran ýadro maksatnamasyny gaýtadan dikeltmäge ýa-da söwda gämilerini nyşana almaga synanşan halatynda, gözegçilikleriň geçirilmegine rugsat bermese, birnäçe günden bäri bes edilen söwda gämilerine od açmaga gaýtadan başlanan halatynda onda, elbetde prezidentiň stolunda henizem ençeme alternatiw bar” diýdi.

ABŞ we Ysraýyl 28-nji aprelde Eyrana garşy hüjüm başladypdy.