TÜRK DÜNÝÄSI
1 minut okamak
Azerbaýjanyň paýtagty Bakudan Karsa uçar gatnawlary başlandy
Uçar gatnawlary penşenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrlar
Azerbaýjanyň paýtagty Bakudan Karsa uçar gatnawlary başlandy
Azerbaýjanyň paýtagty Bakudan Karsa uçar gatnawlary başlandy

Azerbaýjanyň howaýollary kärhanasy (AZAL) Baku bilen Karsyň arasynda yzygiderli gatnawlary başlatdy.

AZAL-yň Haýdar Aliýew howa menzilinden başladan Baku-Kars uçar gatnawy Azerbaýjan bilen Türkiyäniň arasyndaky ýolagçylaryň artýan islegini kanagatlandyrmagy, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky howa gatnawlarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine goşant goşmagy maksat edinýär.

Baku bilen Karsyň arasyndaky uçar gatnawlary penşenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrylar.