TÜRK DÜNÝÄSI
1 minut okamak
Türk we gazak mugallymlary Astanada duşuşdylar
TIKA: "Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrdy" diýdi
Türk we gazak mugallymlary Astanada duşuşdylar
Türk we gazak mugallymlary Astanada duşuşdylar

Türk we gazak mugallymlary Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirlen halkara okuw maksatnamasynda duşuşyk geçirdiler.

Türk iş hyzmatdaşlygy we utgaşdyryjy agentliginiň (TIKA) goldawy bilen Türkiye Respublikasynyň Milli Bilim ministrligi we Astana gubernatorlygynyň Bilim müdirligi bilen hyzmatdaşlykda, guralan bir hepdelik okuw maksatnamasy sertifikat gowşurylyş dabarasy bilen tamamlandy.

Okuw maksatnamasynyň çäginde Milli Bilim ministrligi tarapyndan bellenen alty hünärmen Gazagystanyň ähli ýerlerinde işleýän 120 mugallyma dürli temalar boýunça dersler berdi.

Bu kurslarda mugallymlar häzirki zaman okuw usullaryny teoretiki bilimler we amaly işler bilen berkitmek mümkinçiligine eýe boldular.

Sertifikat gowşurylyş dabarasynda çykyş eden TIKA-nyň Astana maksatnamasynyň utgaşdyryjysy Fuat Erdogmuş bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrandygyny aýtdy.