DÜNÝÄ
1 minut okamak
Pezeşkiýan: Biz territorial bitewiligimizi gorarys, ýöne urşuň giňelmeginiň tarapdary däldiris
Eýranyň Prezidenti Mesud Pazaşkiýan ABŞ bilen urşuň güýçlenmegini islemeýändiklerini, ýöne Eýranyň öz territorial bitewüligini we milli bähbitlerini goramak üçin ähli güýjüni sarp etjekdigini aýtdy.
Pezeşkiýan: Biz territorial bitewiligimizi gorarys, ýöne urşuň giňelmeginiň tarapdary däldiris
Pezeşkiýan: Biz territorial bitewiligimizi gorarys, ýöne urşuň giňelmeginiň tarapdary däldiris

Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA-nyň habaryna görä, paýtagt Tähranda geçirilen Milli Maşgala Lukmançylygy Maksatnamasynyň dabarasynda çykyş eden Pezeşkiýan ABŞ bilen dowam edýän çaknyşyklar barada beýanat berdi.

ABŞ-nyň Eýrana gönükdirilen hüjümleri barada Pezeşkiýan: "Biz territorial bitewiligimizi ähli güýjümiz bilen gorarys, ýöne urşuň giňelmegine ýa-da uzaldylmagynyň tarapdary däldiris" diýdi.

Pezeşkiýan şeýle hem ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtap: "Giňişleýin saglygy goraýyş ulgamy bolan bir jemgyýet zyýana we howplara has çydamly bolar we saglygy goraýyş adalatyň üpjün edilmegi, ýurduň netijeli dolandyryşy we durnukly ösüşi üçin iň möhüm şertleriň biridir" diýdi.