Ýaponiýanyň Kumamoto welaýatynda düýn bolan 7,1 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 13 adama ýetdi.
Adam pidalary bir gaty ýumrulan söwda merkezinde hasaba alyndy we harabalyklaryň aşagynda henizem käbir adamlaryň bolmagynyň mümkindigi aýdylýar.
Döwlet telewideniýesi NHK-nyň habaryna görä, Ýaponiýanyň premýer-ministri Takaiçi Sanae düýn ýer titremesi bilen baglanyşykly metbugat ýygnagyny geçirdi.
Takaiçi ýurduň günortasyndaky Kumamoto welaýatynda bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 13 adama ýetandigini habar berdi.
Kumamoto welaýatynyň gubernatorlygy ýer titremesinde şeýle hem 31 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.
7,1 bal ululygyndaky ýer titremesi ýangyn, ýollaryň we köprileriň çökmegi ýaly welaýat boýunça uly göwrümli zyýan çekdi.
Ýaponiýanyň Meteorologiýa Agentliginiň (JMA) maglumatyna görä, düýn ýerli wagt bilen sagat 16:27-de Uki we Hikawa sebitlerinde ýer titremesi boldy. 7,1 bal ululygynda bolan ýer titremesi ýeriň 10 kilometr aşagynda hasaba alyndy.
Kumamoto welaýatynda 2016-njy ýylyň aprelinde 7 bal ululygynda bolan ýer titremesinde bolsa 277 adam ýogalypdy.

























