DÜNÝÄ
1 minut okamak
Wenesuelada bolan ýer titremelerinde ýogalanlaryň sany 6125 adama ýetdi
Wenesuelada 24-nji iýunda bolan iki uly ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 6125 adama ýetdi.
Wenesuelada bolan ýer titremelerinde ýogalanlaryň sany 6125 adama ýetdi
Wenesuelada bolan ýer titremelerinde ýogalanlaryň sany 6125 adama ýetdi

Wenesuelanyň Milli mejlisiniň (AN) başlygy Horhe Rodriges sosial media hasabyndan beren beýanatynda ýer titremesinde ýogalanlaryň sanynyň 579 adam artyp, 6125 adama ýetendigini, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 16740 adama ýetendigini yglan etdi.

Beýleki tarapdan Wenesuelanyň wagtlaýyn prezidenti Delsi Rodriges paýtagt Karakasda geçirilen ýaşaýyş jaýlaryny gowşurmak dabarasynda beýanat berdi.

Rodriges ýylyň ahyryna çenli 4000 maşgala 4000 öýi gurup tabşyrjakdyklaryny nygtap: "Dekabr aýyna çenli tabşyrjak bu 4000 öýden başga-da, täze öýleriň gurluşygyna başlamak üçin ýer barlaglarymyzy we ýerleri arassalamak işlerimizi dowam etdirýäris. Mundan başga-da, bu sana başdan gurjak täze taslamalarymyz girmeýär" diýdi.

Rodriges ejir çekenleri ýalňyz goýmajakdyklaryny belläp: "Biziň maksadymyz iki gezek bolan ýer titremesinde uly ejir çeken raýatlarymyza asudalyk we bagt getirmek; olaryň ýalňyz däldigini duýdurmak. Biz wagtlaýyn çadyr şäherçelerinde we düşelgelerde ýaşaýan her bir adamyň, her bir çaganyň we her bir ýaşulymyzyň ýalňyz däldigini bilmegini isleýäris" diýip nygtady.

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi bolupdy

ABŞ-nyň Geologiýa gözegçilik merkezi (USGS) 24-nji iýunda Wenesuelada 39 sekunt aralyk bilen 7,2 we 7,5 bal ululyklarynda iki ýer titremesiniň bolandygyny habar beripdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (UNDP), 26-njy iýunda ýer titremeleriň ýetiren gönüden-göni maddy zyýanynyň gymmadynyň 6,7 milliard dollara barabar bolandygyny aýan etdi.