DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýanyň guran raketa we dron hüjümleri sebäpli Ukrainada 9 adam ýogaldy
Russiýanyň Ukrainanyň çar tarapyna guran dron we raketa hüjümlerinde 9 adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy.
Russiýanyň guran raketa we dron hüjümleri sebäpli Ukrainada 9 adam ýogaldy
Russiýanyň Ukrainanyň çar tarapyna guran dron we raketa hüjümlerinde 9 adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy. / Reuters

Ukrainaly resmiler sişenbe güni Russiýanyň ýurduň çar tarapyna guran dron we raketa hüjümlerinde 9 adamyň ýogalandygyny we onlarça adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Ady agzalýan hüjümler Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiýniň Moskwanyň “täze we uly hüjüm” üçin taýarlyk görýändigi dogrusynda beren duýduryşyndan birnäçe gün soň guraldy.

Moskwa 2022-nji ýylda başladan hüjümlerinden bäri her gün diýen ýaly Ukrainany bombalaýar. Ukraina hem hüjümlere degişli gaýtawuly görkezýär.

II jahan urşundan soň Ýewropada başdan geçirilýän iň gandöküşikli çaknyşygyň bes edilmegi üçin edilýän tagallalar netijesiz bolmagynda galýar.

Žurnalistler Ukrainanyň paýtagtyndan partlama sesleriniň eşidilendigini habar berdi.

Ýerli ýolbaşçylar Russiýanyň balistiki raketalar bilen guran hüjümleri sebäpli käbir etrapçalarda ýangynyň bolandygyny we elektrik togynyň kesilendigini nygtady.

Şäher häkimi Witali Kliçko hüjümlerde 4 adamyň ýogalandygyny we ikisi çaga azyndan 58 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Dnipronyň häkimi Oleksandr Ganzha şäherinde Russiýa tarapyndan guralan raketa we dron hüjüminde 5 adamyň ýogalandygyny, üçüsi agyr bolmak bilen 25 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Harkowyň häkimi Igor Terehow hem şäherde guralan hüjümlerde biri çaga 10 adamyň ýaralanandygyny belledi.

Ukrainanyň howa güýçleri hem abanýan raketa howplary barada duýduryş berdi.