SYÝASAT
1 minut okamak
Daşary işler ministri Fidan Günorta Koreýada saparda bolar
Daşary işler ministrligi Hakan Fidanyň ertir resmi sapar bilen Günorta Koreýa gitjekdigini mälim etdi.
Daşary işler ministri Fidan Günorta Koreýada saparda bolar
Daşary işler ministri Fidan Günorta Koreýada saparda bolar

Daşary işler ministri Hakan Fidan Günorta Koreýa gurajak saparynyň çäginde Türkiýe bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ünsi çeker.

Türkiýe Aziýa-Ýuwaş Umman sebitindäki esasy söwda hyzmatdaşlaryndan biri bolan Günorta Koreýa bilen edýän gatnaşykaryny has-da pugtalandyrmagy maksat edinýär.

Hakan Fidan saparynyň çäginde iki ýurduň maýa goýumlaryny artdyrmagyna we Erkin söwda şertnamasynyň gaýtadan gözden geçirilmegine ünsi çeker.

Daşary işler ministri Hakan Fidanyň saparynyň çäginde geçirjek gepleşiklerinde Ukrainanyň, Siriýanyň we Palestiniň gaýtadan dikeldiş etabynda birlikde durmuşa geçiriljek taslamalar bilen Orta Aziýadaky we Afrikadaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkiýe bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1957-nji ýylda başlaýar we 2012-nji ýylda “Strategik hyzmatdaşlyk” derejesine göterilýär.

Iki ýurduň arasyndaky jemi söwda mukdary 2025-nji ýylda 11,3 milliard dollara barabar boldy.

Günorta Koreýaly 430-dan gowrak firma Türkiýede iş alyp barýar.

Prezident R. T. Erdogan soňky gezek 2018-nji ýylyň maý aýynyň 2-3-i aralygynda Günorta Koreýada saparda bolupdy.

Günorta Koreýanyň Prezidenti Li Men bolsa 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 24-25-i aralygynda Türkiýede saparda boldy.