Kuweýtli resmiler Eýranyň, Kuweýdiň halkara howa menziline dron hüjümini gurandygyny habar berdi. Çarşenbe güni guralan hüjüm sebäpli uçar saparlary bökdeldi.
Hüjüm sebäpli howa menziline zeper ýetirlendigi, wakada birnäçe adamyň ýaralanandygy nygtaldy.
Kuweýdiň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Suud Abulaziz al Oteýbi “Duşman birnäçe dron bilen halkara howa menzilini nyşana aldy. Howa menziline zeper ýetirildi, birnäçe adam hem ýaralandy” diýdi.
Resmiler ýaralananlaryň ýagdaýy we saklanan uçar saparlarynyň haçan başlajakdygy hakynda hiç hili maglumat bermedi.
Fewral aýynda başlan çaknyşyklaryň bes edilmegini maksat edinýän gepleşikleriň dowam edýän döwründe howa menziline guralan hüjüm ünsleri özüne çekdi.
Amerikan goşuny, Tähranyň sişenbe gijesi Kuweýde we Bahreýne raketa atmagyndan soň Eýrana degişli harby merkezlere howa hüjümini gurandygyny mälim edipdi.














