DÜNÝÄ
1 minut okamak
Nepal-Hytaý serhedinde bolan sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Geçen hepde Hytaý bilen Nepalyň arasyndaky serhet sebitinde bolan güýçli sil apatyndan we ýer süýşgünlerinden soň, soňky resmi maglumatlarda Nepalda 1114 adamyň, Hytaýda bolsa 16 adamyň ýogalandygyny subut edýär.
Nepal-Hytaý serhedinde bolan sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Nepal-Hytaý serhedinde bolan sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Çarşenbe güni çap edilen resmi maglumatlarda geçen hepde Hytaý bilen Nepal serhet zolagynda bolan sil we ýer süýşgünlerinde ýogalan adamlaryň sanynyň 1130-a ýetendigi, takmynan 4500 adamyň bolsa dereksiz ýitendigi habar berildi.

Nepalyň Milli betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we dolandyrmak edarasy 26-njy awgustda ýurtda bolan güýçli sil heläkçiliginden bäri 1114 adamyň jesediniň tapylandygyny aýan etdi. Şeýle hem, edara 292 adamyň ýaralanandygyny we 3916 adamyň dereksiz ýitendigini mälim etdi.

Resmiler sil suwunyň täsirinden ejir çeken ýerlerde takmynan 12 müň adamyň halas edilendigini we goşun we polisiýa bilen birlikde 21 müňden gowrak howpsuzlyk işgäriniň gözleg we halas ediş işlerine goldaw bermek üçin iberilendigini habar berdiler.

Nepalda sil heläkçiliklerinden takmynan 1,6 million adam ejir çekdi.

“Şinhua News” agentliginiň habaryna görä, serhediň Hytaý tarapynda azyndan 16 adam ýogaldy, 546 adam dereksiz ýitdi.

Hytaýda dereksiz ýiten adamlaryň arasynda 261 daşary ýurt raýaty bar.