Prezident Erdogan Nýu-Ýorkda özara duşuşyklar geçirdi
SYÝASAT
2 minut okamak
Prezident Erdogan Nýu-Ýorkda özara duşuşyklar geçirdiPrezident Erdogan BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 81-nji mejlisi barada taýarlanan depdere gol goýdy.
Prezident Erdogan Nýu-Ýorkda özara duşuşyklar geçirdi

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 81-nji mejlisine gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine giden Prezident Erdogan iş saparynyň çäginde özara duşuşyklar geçirýär.

Prezident Erdogan BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.

Duşuşykda sebitara we halkalara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan iş möhledi gutarýan Gutteriş bilen halkara parahatçylygy we howpsuzlygy gyzyklandyrýan birnäçe mesele boýunça ýakyndan işleşendiklerini aýtdy.

Ysraýylyň Gazada parahatçylygyň ýola goýulmagyny islemeýändigini ýene-de bir gezek görkezendigini aýdan Erdogan, Günbatar Şeriada we Iýerusalimde ýagdaýyň gün saýyn agyrlaşýandygyny belledi.

Eýranda we Ukrainada dartgynlygyň gowşamalydygyny nygtan Prezident Erdogan, Türkiýe hökmünde diplomatik tagallalaryny dowam etdirýandiklerini ýatlatdy.

Prezident Erdogan Garadeňizde söwda gämileriniň nyşana alynmagynyň Türkiýäni biynjalyk edýändigini belledi.

Duşuşykda Kipr meselesine ünsi çeken Prezident Erdogan, Ada-da kipr türk halkynyň deň-hukuklygy we halkara statusy ykrar edilmezden meseläniň çözülip bilinmejekdigini nygtady.

Prezident Erdogan BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 81-nji mejlisi barada taýarlanan depdere hem gol goýdy.

Erdogan saparynyň çäginde Kataryň Emiri Temim bin Hamed Al Sani bilen hem duşuşdy.

Duşuşykda Türkiýe bilen Kataryň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen sebitara we halkara meseleler seljerildi.

Prezident Erdogan Türkiýe bilen Kataryň maýa goýum, söwda, energetika we goranyş senagatynyň başda durmagynda ähli taraplaýyn edýän gatnaşyklaryny ösdürmek üçin tagalla edýändigini belledi.

Prezident R. T. Erdogan Senegalyň Prezidenti Diomaýe Faýe, Polşanyň Prezidenti Karol Nawroski, Britaniýanyň Premýer-ministri Endi Bernhem, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Takaiçi Sanae we Bangladeşiň Premýer-ministri Taryk Rahman bilen hem duşuşdy.

Duşuşyklarda özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.