SYÝASAT
1 minut okamak
Azerbaýjanda ýeňiş baýramy bellenilip geçilýär
Azerbaýjanyň harby goşuny 6 ýyl ozal Garabagy we töwereklerini Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edipdi.
Azerbaýjanda ýeňiş baýramy bellenilip geçilýär
Azerbaýjanda ýeňiş baýramy bellenilip geçilýär

II Garabag söweşinde 44 günüň dowamynda basyp alyşyk astyndaky ýerlerini yzyna alan Azerbaýjan 6 ýyl ozal taryhy ýeňiş gazandy.

Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň basyp alan ýerlerinde 30 ýylyň dowamynda azerbaýjanly asuda ilata hüjüm eden Ermenistanyň 2020-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda serhetýakasyndaky obalara agyr ýaraglar bilen hüjüm guramagyndan soň Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýewiň görkezmesine laýyklykda harby goşun şol gün operasiýa başlatdy.

“Watançylyk urşy” hökmünde häsiýetlendirlen operasiýa 44 gün dowam etdi. 5 şäher, 4 şäherçe we 286 oba basyp alyşlykdan halas edildi.

Watançylyk urşunda Azerbaýjanyň harby goşunyndan 2 müň 908 adam şehit boldy. Asuda ilatdan 94 adamyň Ermenistanyň hüjümleri sebäpli ýogaldy.

2020-njy ýylyň 8-nji noýabrynda Şuşanyň azat edilmegi bilen Ermenistan uly ýeňilişe sezewar boldy we 10-njy noýabrda Azerbaýjanyň, Ermenistanyň we Russiýanyň arasynda üçtaraplaýyn şertnama gol çekişildi.

Şertnama laýyklykda Azerbaýjanyň harby goşuny Agdamdan, Kelbejerden we Laçyndan çekildi.

10-njy noýabr Ýeňiş güni hökmünde yglan edilsede şol günüň Mustafa Kemal Atatürkiň aradan çykan gününe gabat gelmegi sebäpli Şuşanyň azat edilen güni bolan 8-nji noýabr resmi taýdan Ýeňiş güni hökmünde yglan edildi.