Russiýa, Eýrana garşy täze harby hüjümleriň meýilleşdirilýändigi baradaky habarlara uly alada bildirýändigini mälim etdi.
Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa, Eýranyň daş-töwereginde başdan geçirilýän wakalar hakynda ýazmaça beýannama berdi.
Eýranyň sebäpsiz ABŞ bilen Ysraýylyň hüjümlerine sezewar bolýandygyny nygtan Zaharowa, sebitdäki çaknyşygyň heniz bes edilip bilinmändigini we Ýakyn Gündogardaky beýleki krizisler bilen arabaglanşykly ýagdaýa gelendigini gürrüň berdi.
Mariýa Zaharowa “Eýrana garşy täze harby hüjümiň meýilleşdirilmegine uly alada bildirýäris” diýdi.
Soňky aýlardaky harby hüjümlerde eýranyň halkynyň ýurdunyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlygyny goramaga dowam etjekdigini görkezendigini aýdan Zaharowa, täze hüjüm howpy meselesinde bu meselä üns berilmelidigini nygtady.
Sebitdäki ýagdaýyň kadalaşmagy üçin diplomatiýa taýdan edilýän tagallalaryň artdyrylmagy üçin çagyryş eden Zaharowa, Russiýanyň töwellaçylyk tagallalaryna goldaw berýändigine we gepleşik etabyna goşant goşmaga taýardygyna ünsi çekdi.
Mariýa Zaharowa, Ormuz bogazy meselesiniň gysga wagtda çözülmegine garaşýandyklaryny ýatlatdy.






















