Ukraianyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý Prezident R. T. Erdogan bilen duşuşmak üçin Türkiýä geldi.
Ukrainanyň Prezidentini Stambul şäherinde Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler garşylady.
Zelenskiý X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Wekiliýetimiz bilen birlikde Stambula geldik. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan bilen möhüm duşuşyklar geçireris” diýdi.
Zelenskiý duşuşykda Ukrainanyň howpsuzlygynyň güýçlendirilmegi, Türkiýe bilen edilýän özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy we Gara deňizdäki deňiz gatnawy ýaly birnäçe meseläniň seljeriljekdigini ýatlatdy.
Saparynyň çäginde Stambulda Fener Grek patriarhy Bartolomeos bilen hem duşuşjakdygyny nygtan Zelenskiý, Ukraina goldaw berýän her bir adama minnetdarlyk bildirdi.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran, Prezident Erdogan bilen Zelenskiýniň Türkiýe bilen Ukrainanyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy we Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegi bilen birlikde sebitara we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýtdy.




















