Amerikaly saýlawçylar durmuş şertleriniň agyrlaşýan, infilýasynyň ýokarlaýan we Eýran bilen söweşiň dowam edýän günlerinde ses berýär.
Araky saýlawlar Kongresiň gözegçiligini we Donald Trampyň galan iki ýyllyk prezidentlik döwrüniň syýasy geljegini kesgitlär.
Amerikaly saýlawçylar Kongresde güýç deňagramlylygynyň üýtgemegine sebäp bolup biljek araky saýlawlar üçin ses bermäge başlady.
Saýlawlar Respublikaçy partiýanyň hem-de Ak Tamyň geljegi taýdan taryhy synag özboluşlylygyna eýe.
Ykdysadyýet we Eýran söweşi meselesi saýlawda uly rol oýnar.
Gündelik durmuş şertleriniň agyrlaşmagy meselesi saýlawçylaryň berjek seslerinde uly rol oýnar.
Trampyň adminstrasiýasynyň agresiw gümrük salgytlary we Eýrana hüjüm guralmagy bilen başlan söweş sebäpli azygyň we ýangyjyň nyrhynyň ýokarlamagy saýlawçylaryň ünsüni özüne çekýär.
Saýlawdan öň 3,75 dollar bilen dizel ýangyjynyň bahasy sentýabr aýynda 6,52 dollara çenli baryp ýetdi.























