SYÝASAT
1 minut okamak
Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew Türkiýede saparda bolar
Duran: “Saparyň çäginde Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar”
Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew Türkiýede saparda bolar
Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew Türkiýede saparda bolar

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart Tokaýew, Prezident R. T. Erdoganyň myhamny hökmünde şu gün Türkiýä geler.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran, Nsosial arkaly beren habarnamasynda, Gazagystanyň Prezidenti Tokaýewiň, Prezident Erdoganyň myhmany hökmünde şu gün resmi sapar bilen Türkiýä geljekdigini mälim etdi.

Saparyň çäginde geçiriljek gepleşikler hakynda maglumat beren Duran: “Saparyň çäginde geçiriljek gepleşiklerde Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşylar. Aktual sebitara we halkara meseleleriň hem seljerilmegine garaşylýar” diýdi.