Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni şu gün Türkiýä geler.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran sosial media hasabyndan beren beýanatynda Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karniniň Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň çakylygy bilen 22-23-nji oktýabr aralygynda resmi sapar bilen geljekdigini aýan etdi.
Burhanettin Duran taryhy saparda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylmagy maksat edinilýändigini belläp: "Saparyň çäginde geçiriljek duşuşyklarda Türkiýe bilen Kanadanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli taraplaýyn gözden geçirler, gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin edilip bilinjek ädimler ara alnyp maslahatlaşylar we häzirki sebitleýin we global meseleler boýunça pikir alyşylar. Şeýle hem saparyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça ylalaşyklara gol çekilmegi meýilleşdirilýär" diýip habar berdi.























