ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýran bilen gepleşikleriň geçirilmeýändigini we "ýakyn wagtda bir zatlaryň boljakdygyny" aýtdy.
Donald Tramp Günorta Karolina ştatynda geçirilen saýlaw kampaniýasynyň mitingine gatnaşandan soň, howa menzilinde žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.
Eýran bilen gepleşikleriň geçirilip-geçirilmeýändigi bilen bagly soraga Tramp: "Men Eýran bilen gepleşikler geçirýändigimize pikir etmeýärin. Nähili bolsa-da, ýakyn wagtda bir zatlar bolar. Köp adam saýlawdan soň munuň boljakdygyny pikir edýär, näme boljagyny göreris" diýip jogap berdi.
3-nji noýabrda geçiriljek aralyk Kongres saýlawlarynyň öňüsyrasynda ştatda geçirilen mitingde eden çykyşynda Tramp Eýran bilen dartgynlygyň tiz wagtda gutarjakdygyny aýdyp: "Biz indi sebitden gidip bileris, ýöne täsiriniň uzak wagtlap dowam etmegini isleýäris" diýip nygtady.























