Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň Ukraina bilen ylalaşyga gelmäge taýýardygyny, ýöne olaryň diňe ot açmagy bes etmek däl, eýsem parahatçylyk ylalaşygyny isleýändigini we iki ýurduň howpsuzlygynyň üpjün edilmelidigini aýtdy.
Wladimir Putin “Rossiýa” döwlet teleýaýlymyna beren interwýusynda Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiýniň “territorial ýitgileri kabul etmäge taýýardygy” baradaky beýanatyna teswir berdi.
Putin Russiýanyň gözegçiligine geçen territoriýalara salgylanyp: “Bu olaryň (Ukrainanyň) territoriýasy däl. Bu taryhy Russiýanyň territoriýasy. Mundan başga-da, bu territoriýalarda ýaşaýan halk, birinjiden, döwlet garaşsyzlygy üçin, ikinjiden, Russiýa Federasiýasy bilen gaýtadan birleşmek üçin ses berdi. Şonuň üçin territoriýanyň ýitmegi barada gürrüň etmegiň manysy ýok diýip pikir edýärin” diýdi.
Putin bu ýagdaýyň ähli ugurlarda, esasanam Ýewropa ýurtlarynda Russiýa garşy kampaniýanyň sebäbi bolandygyny we şol toparlaryň häzir Russiýadan gelip çykýan howp we Russiýa bilen söweşe taýýarlyklaryň başlanmagy barada yzygiderli gürrüň edýändigini belledi.
Russiýanyň Prezidenti: "Bu syýasy şizofreniýanyň bir görnüşi. Ýöne men munuň hem geçip gitjekdigini umyt edýärin" diýdi.






















