Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.
Kremlden berlen beýannama görä, Putin bilen Pezeşkiýan Moskwada geçirlen Gaz eksport edýän ýurtlaryň 8-nji forumynyň çäginde duşuşdy.
Pezeşkiýan bilen sebitara meseleler hakynda pikir alyşandyklaryny nygtan Putin “Wakalara alada bildirýäris. Esasan Eýran bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän ýurt hökmünde biz başdan geçirilýän wakalara uly alada bildirýäris” diýdi.
Russiýanyň Eýran bilen baglaşan şertnamalarynyň jogapkärçiligini ýerine ýetirýändigini nygtan Putin, “Üstümizdäki ýylyň ilkinji 8 aýynda Russiýa bilen Eýranyň arasyndaky söwda mukdary 10,4 göterim artdy. Buşehr atom elektrik bekediniň gurluşygy dowam edýär” diýdi.
Russiýa bilen Eýranyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň hem gün saýyn ösýändigine ünsi çeken Putin, Russiýadaky ýokary okuw jaýlarynda okaýan eýranly talyplaryň sanynyň 10 müňe ýetendigini ýatlatdy.
Pezeşkiýan ABŞ-ny tankyt etdi.
Eýranyň Prezidenti Pezeşkiýan bolsa Russiýanyň ýurduna syýasy we ykdysady taýdan berýän goldawlary üçin Putine minnetdarlyk bildirdi.
ABŞ-nyň sebit boýunça alyp barýan syýasatyny tankyt eden Pezeşkiýan “Amerikalylaryň sebitdäki basyp alyjy syýasatlaryndan soň köp merkezli dünýä ulgamynyň gurulmagynyň wagty geldi” diýdi.
Russiýa bilen ylym, ykdysadyýet, medeniýet we howpsuzlyk ýaly ugurlarda edilýän özara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyryp biljekdiklerini aýdan Pezeşkiýan, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýaňy-ýakynda Tähranda saparda bolandygyny ýatlatdy.























