SYÝASAT
1 minut okamak
Ysraýylda geçirlen saýlawda sesleriň ýarysyndan gowragy sanaldy
Sanalan seslere görä, Netanýahu we oňa goldaw berýän partiýalar 55, Eisenkotyň ýolbaşçylygyndaky oppozisiýa topary bolsa 49 kürsä eýe boldy.
Ysraýylda geçirlen saýlawda sesleriň ýarysyndan gowragy sanaldy
Ysraýylda geçirlen saýlawda sesleriň ýarysyndan gowragy sanaldy

Ysraýylda düýn geçirlen parlament saýlawynda sesleriň ýarysyndan gowragy sanaldy.

Saýlawyň ilkinji netijelerine görä hiçbir partiýa şäriklik hökümetini gurmak üçin ýeterlik bolan 61 kürsä eýe bolup bilmedi.

Sanalan seslere görä, Netanýahu we oňa goldaw berýän partiýalar 55, Eisenkotyň ýolbaşçylygyndaky oppozisiýa topary bolsa 49 kürsä eýe boldy.

Sanalan seslere görä häkimiýetiň başyndaky Likud partiýasy 27 kürsä, Eisenkotyň Ýaşar partiýasy bolsa 21 kürsä eýe boldy.

Ysraýylyň raýaty bolan we palestinlilere wekilçilik edýän partiýalar bolsa jemi 16 kürsä eýe boldy.