SYÝASAT
1 minut okamak
“ABŞ-nyň harby goşuny Eýranyň Keşm adasyna çäkli hüjüm gurady”
ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, ABŞ-nyň harby goşuny Eýranyň Keşm adasyna çäkli hüjüm gurandygyny habar berdi.
“ABŞ-nyň harby goşuny Eýranyň Keşm adasyna çäkli hüjüm gurady”
“ABŞ-nyň harby goşuny Eýranyň Keşm adasyna çäkli hüjüm gurady”

Eýranyň düýn ýary gije sebitde ABŞ-nyň harby goşunyna degişli uçary nyşana almaga çalşandygy, ABŞ-nyň Keşm adasyna çäkli hüjüm gurandygy habar berildi.

ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýannama beren amerikaly resmi, Eýranyň sebitde ABŞ-nyň harby goşunyna degişli uçary nyşana almaga çalşandygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň hem bu wakadan soň Eýranyň Keşm adasyna çäkli dron hüjümini gurandygy nygtaldy.

Eýran düýn agşamara ABŞ-na degişli 3 drony urup düşürendigini beýan edipdi.

Bu beýannamadan gysga wagt soň Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Keşm adasynda yzly yzyna azyndan 5 partlamanyň bolandygyny habar berdi, emma partlamalaryň sebäbi barada hiç hili maglumat berilmedi.

Eýranly resmiler tarapyndan Keşm adasynda bolan partlamalar we ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen hüjüm habarlary hakynda heniz hiç hili beýannama berilmedi.