Prezident R. T. Erdogan bilen aýaly Emine Erdogan, Seuldaky Seongnam howa bazasynda Koreýe Respublikasynyň Söwda ministri Park Ýung-Son tarapyndan garşylandy.
Prezident Erdogan 4-nji noýabra çenli dowam etjek saparynyň çäginde 3-nji noýabrda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çe Men bilen duşuşar.
Duşuşyklarda iki ýurduň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
Saparyň çäginde aktual sebitara we halkara meseleler hem gün tertibine getirler.
MASLAHAT BERILÝÄR
Prezident Erdoganyň Koreýa Respublikasyna guraýan resmi saparynyň çäginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy maksady bilen birnäçe şertnama gol çekilmegi meýilleşdirilýär.





















