DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ýaponiýada Dužuan tupany sebäpli ýogalanlaryň sany 9 adama ýetdi
Tupan sebäpli 4 adamyň ýitendigi habar berildi.
Ýaponiýada Dužuan tupany sebäpli ýogalanlaryň sany 9 adama ýetdi
Ýaponiýada Dužuan tupany sebäpli ýogalanlaryň sany 9 adama ýetdi

Ýaponiýada hepdäniň ahyryndan bäri Dužuan tupany sebäpli ýogalanlaryň sany 9 adama ýetdi.

Ýaponiýanyň Meteorologiýa gullugyndan berlen beýannamada tupanyň paýtagt Tokio bilen birlikde ýurduň gündogaryna ýaramaz täsirini ýetirýändigi nygtaldy.

Beýannamada aşa köp ýagýan ýagyşlaryň tutuş hepde dowam etjekdi barada duýduryş berildi.

Kýodo habarlar gullugy hem tupan sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 9 adama ýetendigini mälim etdi.

Tupan sebäpli ýiten 4 adamyň tapylmagy üçin gözleg we halas ediş işleri geçirilýär.