Syn we garaýyşlar
TÜRKIÝE
3 minut okamak
Erdogan: Palestin döwletini bogmak synanyşyklary şowsuzlyga uçrar
Erdogan: “Palestini bogmaga gönükdirilen synanyşyklar şowsuzlyga uçrar. 1967-nji ýyldaky serhetlerde, paýtagty Gündogar Iýerusalim bolan, garaşsyz we çäk bitewüligine eýe Palestin döwletiniň guruljak şol ajaýyp günlerini nesip bolsa, göreris."
Erdogan: Palestin döwletini bogmak synanyşyklary şowsuzlyga uçrar
Erdoganyň çykyşynda Palestin, BMG-de özgertme edilmegi, sebitleýin çaknyşyklar, howanyň üýtgemegi we emeli aň meseleleri ileri tutuldy.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji mejlisinde çykyş etdi. Erdoganyň çykyşynda Palestin, BMG-niň gurluşynyň özgerdilmegi, sebitdäki çaknyşyklar, howanyň üýtgemegi we emeli aň esasy orun eýeledi.

“Palestin halkynyň göreşini bütin dünýä ýetirmäge dowam ederis”

Erdogan Palestiniň Prezidenti Mahmud Abbasyň yzly-yzyna iki ýyl bäri Baş Assambleýanyň mejlisine gatnaşyp bilmeýändigini beyan etdi. Erdogan Türkiýäniň erkin we özygtyýarly Palestin döwletini goldamaga dowam etjekdigini belläp, Palestin döwletini ykrar etmedik ýurtlary öz kararlaryna gaýtadan seljermäge çagyrdy.

“Adamzat şol güýçli erk-islegiň iş yüzüne geçjek günlerine garaşýar”

BMG-niň döredilmeginden bäri 81 ýylyň geçendigine garamazdan dünýäniň henizem uruşlary we çaknyşyklary başdan geçirýändigini aýdan Erdogan, soňky 12 aýyň dowamynda 60-dan gowrak çaknyşygyň we urşuň bolandygyny aýtdy.

“Gaza döwrümiziň iň elhenç konslageridir”

Gazada bolup geçýän wakalara ünsi çeken Erdogan müňlerçe adamyň ölendigini, köp sanly adamyň ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur bolandygyny we hassahanalaryň ýangyç ýetmezçiliginden çynlakaý kynçylyk çekýändigini aýtdy. Günbatar Şeriada gelmişekleriň hüjümleriniň artandygyny we Iýerusalimde mukaddes ýerlere elýeterliligiň çäklendirilýändigini aýtdy.

“BMG öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmejek ýagdaýa getirildi”

Erdogan BMG-niň çaknyşyklaryň dowam edýän sebitlerinde täsirsiz ýagdaýa düşürilendigini belläp, halkara ulgama bolan ynamyň gaýtadan dikeldilmelidigini aýtdy.

“Howpsuzlyk Geňeşi ‘Dünýä bäşden uludyr’ ýörelgesine laýyklykda özgerdilmelidir”

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gurluşynyň özgerdilmelidigini aýdan Erdogan halkara hukugynyň hemmeler üçin deň derejede ulanylmagy, sebit ýurtlarynyň öz meselelerine eýe çykmagy, açyk diplomatiýanyň ösdürilmegi we girdejileriň adalatly paýlanmagynyň ýola goýulmagy üçin çagyryş etdi.

“Gaza şäherini gaýtadan dikeltmäge wagt ýitirmän başlanmaly”

Gaza şäherini gaýtadan dikeldiş işlerine başlanmalydygyny aýdan Erdogan, 1967-nji ýyldaky serhetleriň çäginde, paýtagty Gündogar Iýerusalim bolan garaşsyz Palestin döwletiniň gurulmalydygyny aýtdy.

“Gara deňizde söwda gämilerine guralýan hüjümler kabul ederliksizdir”

Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky urşuň tamamlanmagy üçin tagallalaryň dowam etdirilýändigini aýdan Erdogan, Gara deňizde sçwda gämilerine edilen hüjümleriň kim tarapyndan guralýandygyna garamazdan kabul ederliksizdigini nygtady.

“Türkiýe durnuklylyk merkezi bolmagynda galýär”

Türkiýäniň Ýewropanyň howpsuzlygy boýunça möhüm orun eýeleýändigini aýdan Erdogan Balkanlar, Günorta Kawkaz, Siriýa, Yrak we Afrikadaky ýagdaýlar bilen bagly Türkiýäniň diplomatik başlangyçlary barada durup geçdi.

“Antalýada COP31 sammitine ýer eýeçiligini ederis”

Erdogan Türkiýäniň COP31 sammitine ýer eýeçiligini etjekdigini we howa adalatynyň gün tertibiniň merkezinde boljakdygyny aýtdy. “Nol zyňyndy” hereketiniň dünýä derejesindäki habardarlyk kampaniýasyna öwrülendigini belledi.

“Emeli aň boýunça Halkara konwensiýanyň taýýarlanmagy möhümdir”

Sosial mediýadaky dezinformasiýanyň we emeli aňyň döredýän töwekgelçiliklerine ünsi çeken Erdogan emeli aň boýunça halkara derejesinde umumy hukuk binýadynyň döredilmelidigini aýtdy.

“Kyn zat şol garaňkylygy aýdyňlatjak şemi ýakmaklykdyr”

Erdogan dünýäniň öňünde çaknyşyklar we içe çekilmek bilen adalat, raýdaşlyk we umumy erk-islegiň arasynda bir çatrygyň durandygyny belläp, Türkiýäniň ikinji ýoly saýlap alandygyny aýtdy.