Içeri işler ministri Mustafa Çiftçi sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda Italiýanyn Içeri işler ministri Matteo Pýantedozi bilen duşuşandygyny mälim etdi.
Ministr Çiftçi, duşuşykda bikanun göç, terrora we guramaçylykly jenaýatlara garşy göreş bilen birlikde etmişlileriň yzyna berilmegi meselesiniň başda durmagynda howpsuzlyk boýunça edilýän özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi meselesi hakynda pikir alyşandyklaryny aýtdy.
Içeri işler ministri Çiftçi “Abanýan global howplara garşy göreşiň halkara derejesinde hyzmatdaşlyk edilmegi netijesinde ortadan aýryljakdygyna ynanýarys. Şol çäkde Ortaýer deňzinde bikanun göçe we terrora garşy göreş meselesi hakynda pikir alyşdyk. Italiýada bolan guramaçylykly jenaýat toparynyň ýolbaşçylary bilen agzalarynyň ýurdumyza yzyna berilmegine garaşýandygymyzy beýan etdik. Kärdeşim Matteo Pýantedozi hem ýurdundaky täze nesil guramaçylykly jenaýat toparlaryna garşy berk tutum alyp barjakdyklaryny aýtdy we şol toparlara garşy täsirli göreşiň alnyp barylmagy üçin bilelikdäki toparyň döredilmegini teklip etdi” diýdi.






















