ABŞ-nyň Eýrana guraýan harby operasiýalarynyň gymmaty 47,1 milliard dollara barabar boldy
SYÝASAT
2 minut okamak
ABŞ-nyň Eýrana guraýan harby operasiýalarynyň gymmaty 47,1 milliard dollara barabar boldyABŞ-nyň Eýrana garşy guraýan harby operasiýalarynda 28-nji fewraldan 16-njy oktýabra çenli 47,1 milliard dollar sarp edendigi nygtaldy.
ABŞ-nyň Eýrana guraýan harby operasiýalarynyň gymmaty 47,1 milliard dollara barabar boldy / Reuters Arkiv

“Ze Nýu-Ýork Taýmes” gazetiniň berýän habaryna görä, ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon, geçen hepde Kongresde Eýrana garşy guralýan harby operasiýalar hakynda maglumat berdi.

Pentagonyň soňky çaklamalaryndan soň 6 hepdäniň dowamynda harby operasiýalaryň gymmaty 3,5 milliard dollar artdy.

ABŞ 28-nji fewraldan 16-njy oktýabra çenli Eýrana garşy guralýan harby operasiýalar üçin 47,1 milliard dollar sarp etdi. Şol çykdajynyň 60 göterimden gowragy bomba we raketa üçin sarp edildi.

Harby operasiýalarda harby enjam üçin edilen çykdajynyň mukdary 29 milliard dollara barabar boldy we Patriot howa goranyş ulgamlary bilen birlikde umuman alnan ýarag ätiýajy azaldy.

ABŞ mundan başgada Asiýadaky we Ýewropadaky esgerleri üçin bölünip berlen serişdelerden hem peýdalandy.

ABŞ sebite 50 müňden gorak esger ugratdy. ABŞ-nyň Gury ýer güýçleri üçin 2,1 milliard dollar, Howa güýçleriniň harby uçarlary üçin 7,6 milliard dollar, Deňiz güýçleri üçin bolsa 1,5 milliard dollar sarp edildi.

Goşmaça 70 milliard dollarlyk bujet talap edildi.

Zeper ýetirlen ýada hatardan çykarlan harby uçarlaryň we beýleki enjamlaryň abatlanmagy üçin 6,1 milliard dollar, ýörite desant toparlaryna goldaw bermek üçin 645 million dollar, harby enjamyň daşalmagy üçin 92,2 million dollar, kiber goldaw operasiýalary üçin 14 million dollar we lukmançylyk kömegi üçin hem 24,5 million dollarlyk bujet bölünip berildi.

Beýleki tarapdan söweşde amerikaly 18 esger ýogaldy, 860 esger hem ýaralandy.

Amerikan hökümeti täze ýaraglaryň alynmagy we esgerler üçin 70 milliard dollarlyk goşmaça bujet talap etdi.

Emma Pentago bu talaba heniz hiç hili jogap bermedi.