SYÝASAT
1 minut okamak
Türkiýede Respublikanyň 103 ýyllygy bellenilip geçilýär
Respublika baýramyna bagyşlanyp Türkiýäniň çar tarapynda medeni çäreler geçirilýär.
Türkiýede Respublikanyň 103 ýyllygy bellenilip geçilýär
Türkiýede Respublikanyň 103 ýyllygy bellenilip geçilýär / Anadolu Agency

Türkiýede Respublikanyň 103 ýyllygy paýtagt Ankarada geçirlen dabaralar we ýurduň çar tarapynda dürli medeni çärler bilen bellenilip geçilýär.

Paýtagt Ankarada geçirlen dabaralar Prezident R. T. Erdoganyň we ýokary derejeli döwlet resmileriniň Respublikanyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürkiň aramgähine gül desselerini goýmagy bilen başlady.

Prezident Erdogan soň gutlaglary kabul etmek üçin Prezidentiň Kompleksine geçdi.

Prezident Erdogan Türkiýäniň 1923-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda respublikanyň yglan edilmeginden soň 103 ýylda goranyş senagaty, energiýa, ulaglar we diplomatiýa ýaly birnäçe ugurda eden öňe gidişligine ünsi çekdi.