SYÝASAT
1 minut okamak
Türkiýe bilen Özbegistan birnäçe şertnama baglaşdy
Türkiýe bilen Özbegistanyň arasynda özara gatnaşyklar gün saýyn pugtalanýar.
Türkiýe bilen Özbegistan birnäçe şertnama baglaşdy
Türkiýe bilen Özbegistan birnäçe şertnama baglaşdy

Prezident R. T. Erdogan bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Prezidentiň Kompleksinde bolan duşuşdy.

Duşuşykdan soň iki ýurduň arasynda şertnamalar bukjasyna gol çekişildi.

2022-nji ýylyň 29-njy martynda Türkiýe bilen Özbegistanyň arasynda iki ýurduň serhetlerinden geçýän ulaglar bilen hatyrlara degişli öňünden maglumat alyş-çalşygynyň edilmegini göz öňünde tutýan teswirnama käbir üýtgetmeler girizildi. Goşmaça teswirnama Söwda ministri Ömer Bolat bilen Özbegistanyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow gol çekdi.

Türkiýe Respublikasy bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky söwda şetnamasyna Söwda ministri Ömer Bolat bilen Özbegistanyň Maýa goýum ministri Laziz Kudratow gol çekdi.

Türkiýe Respublikasy bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda sosial howpsuzlyk ylalaşygyna İş we sosial howpsuzlyk ministri Wedat Yşykhan bilen Özbegistanyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow gol çekdi.

Türkiýe Respublikasy bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda işewürlere goldaw bermek we Ýokary derejeli geňeşiň döredilmegi şertnamasyna bolsa Prezident R. T. Erdogan bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gol çekdi.