Russiýanyň Goranmak ministrliginden penşenbe güni berlen beýannamada, Ukraina degişli 1214 dronyň tutuş gije Russiýanyň 20 sebitini nyşana alandygy nygtaldy.
Beýannamada “Howa goranyş ulgamlary Ukraina degişli 1214 drony hatardan çykardy” diýildi.
Moskwanyň şäher häkimi Sergeý Sobýanin Ukraina degişli 613 dronyň paýtagtda birnäçe etrapça hüjüm gurandygyny habar berdi.
Sobýanin, rus sosial media paltformasy Max arkaly beren habarnamasynda “Bularyň esasy bölegi Goranmak ministrligine degişli howa goranyş ulgamlary tarapyndan şäheriň golaýynda hatardan çykaryldy” diýdi.
Sobýanin ady agzalýan möhletde Moskwanyň golaýyna çenli gelen 231 dronyň urlup düşürlendigini belledi.
Russiýanyň raýat howa gatnawy edarasy Rosawiatsiýa “uçuş howpsuzlygyny üpjün etmek” maksady bilen Moskwadaky Wnukowo, Domodedowo we Žukowski howa menzillerinde uçuşlaryň wagtlaýyn çäklendirlendigini habar berdi.
Habarda Russiýanyň beýleki 18 şäherindäki howa menzillerinde hem uçar saparlarynyň çäklendirlendigine üns çekildi.



















