Prezident Erdogan Apple kompaniýasynyň Dolanşyk geňeşiniň başlygyny kabul etdi
TÜRKIÝE
1 minut okamak
Prezident Erdogan Apple kompaniýasynyň Dolanşyk geňeşiniň başlygyny kabul etdiApple kompaniýasy Türkiýede maýa goýjakdygyny mälim etdi.
Prezident Erdogan Apple kompaniýasynyň Dolanşyk geňeşiniň başlygyny kabul etdi

Prezident R. T. Erdogan, Apple kompaniýasynyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Tim Kuky kabul etdi. Kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.

Prezident Erdogan sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Şu gün Apple kompaniýasynyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Tim Kuk bilen geçiren duşuşygymyzda halkara derejesinde digital tehnalogiýasynyň geljegi we Appliň Türkiýäniň ykdysadyýetine goşjak goşandy hakynda pikir alyşdyk. Duşuşygymyzyň Türkiýe we Apple üçin düşümli bolmagyny dileýärin” diýdi.

Beýleki tarapdan merkezi ABŞ-da ýerleşýän tehnalogiýa kompaniýasy, döwrebap mazmun döredijilerine we innowasia pudagy boýunça iş alyp barýan telekeçilere goldaw bermek we Türkiýäniň halkara mobil programma boýunça esasy merkezlerden birine öwrülmegi üçin Türkiýede uzak möhletli maýa goýjakdyklaryny mälim etdi.