Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara, Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Salman bilen özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşmak we hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekişmek üçin şol ýurda sapar guraýar.
Siriýanyň resmi habarlar gullugy SANA-da berlen habarda, Prezident Şaranyň Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Bin Salman bilen özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşjakdygy nygtaldy.
Şara bilen Salmanyň duşuşygyň çäginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy maksady bilen birnäçe şertnama gol çekişmegine garaşylýar.
Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara oktýabr aýynda hem Saud Arabystanynda saparda bolupdy we Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Salman bilen duşuşypdy.





















