SYÝASAT
1 minut okamak
Zelenskiý Trampyň wekilleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý “Ukraina ABŞ we Russiýa bilen geçiriljek üçtaraplaýyn gepleşik üçin taýarlyk görýär” diýdi.
Zelenskiý Trampyň wekilleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Zelenskiý Trampyň wekilleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň wekilleri Kuşner we Witkoff bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýtdy.

Zelenskiý sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda, Kuşner we Witkoff bilen geçiren telefon söhbeteşliginde Russiýa-Ukraina söweşi hakynda pikir alyşandyklaryny belledi.

Telefon söhbetdeşliginiň 1,5 sagat dowam edendigini nygtan Zelenskiý, “Ukraina, ABŞ-nyň we Russiýanyň wekilleri bilen üçtaraplaýyn duşuşyk üçin taýarlyk görýär” diýdi.

Zelenskiý, 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri dowam edýän söweşiň bes edilmegi we Ukraina howpsuzlyk kepilliginiň berilmegi maksady bilen Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilýän gepleşikleriň dowam edýändigini ýatlatdy.