ABŞ-da geçirlen araky saýlawlarda demokratlar Senatda esasy köplügi eýeledi
SYÝASAT
2 minut okamak
ABŞ-da geçirlen araky saýlawlarda demokratlar Senatda esasy köplügi eýelediDemokratlar Wekiller Palatasynda hem uly üstünlik gazandy.
ABŞ-da geçirlen araky saýlawlarda demokratlar Senatda esasy köplügi eýeledi

ABŞ-da geçirlen araky saýlawyň resmi bolmadyk netijelerine görä, demokratlar Senatda esasy köplügi eýeledi.

AP habarlar gullugynyň resmi bolmadyk netijelerine görä, demokratlar senagatda 51 kürsä eýe boldy. Şeýlelikde Kongresiň ýokarky ganady bolan Senatda demokratlar esasy köplügi eýeledi.

Demokratlar Demirgazyk Karoline, Günorta Karolina, Tehas, Ogaýo, Kanzas we Aýowa ştatlarynda uly üstünlik gazandy.

Senatda 100 kürsüden 51-ni ele geçiren demokratlar, Respublikan partiýanyň agzasy Prezident Donald Trampa garşy kanun çykaryş güýjüniň gözegçiligini ele aldy.

Wekiller Palatasy üçin geçirlen bäsleşikde Demokrat partiýa 173, Respublikan partiýa bolsa 106 kürsä eýe boldy.

AP habarlar gullugynyň resmi bolmadyk netijelerine görä, Wekiller palatasynda Demokrat partiýa 173, Respublikan partiýa bolsa 106 kürsä eýe boldy.

Respublikan partiýanyň elindäki 9 kürsi Demokratlara geçdi.

Haýsydyr bir partiýa üçin esasy köplüge eýe bolmak üçin azyndan 218 kürsi gerek.

ABŞ-da araky saýlawlar

Amerikan halky ýaşaýan ştatlarynyň ýerli häkimiýetleri bilen birlikde Konresiň Wekiller Palatasyndaky 435 kürsi we Senatdaky 100 kürsiniň 35-i üçin ses berdi.

ABŞ-nyň saýlaw ulgamynda 435 kürsüli Wekiller Palatasynyň ähli agzalary, biri ABŞ-nyň Prezidentini saýlaýan umumy saýlawlar, beýlekisi bolsa araky saýlawlar bolmak bilen iki ýyldan bir gezek saýlaw geçirilýär.

100 agzaly Senatda hem 6 ýyllygyna saýlanýan senatorlaryň 1/3 bölegi, iki ýyldan bir gezek geçirilýän saýlaw bilen saýlanýar.

ABŞ-nyň Wekiller Palatasynda esasy köplüge eýe bolmak üçin 218, Senatda bolsa 51 kürsi gerek.