Türkiýäniň tanymal tehnalogiýa festiwaly TEKNOFEST, Türkiýäniň günorta gündogarynda ýerleşýän Şyrnak welaýatynda dron festiwaly bilen başlady.
Şu ýyl Şyrnakda geçirilýän festiwala 18 müň ýetginjek ýüz tutdy.
Şu ýyl bäsleşiklere gatnaşmak üçin 1,6 million adam we 730 müň topar ýüz tutdy.
Ýokardaky ýüz tutma görkezijileri taýdan şu ýyl TEKNOFEST-de rekord goýuldy.
Toparlar jemi 54 ugur boýunça bäsleşer. Bäsleşikleriň ýeňijilerine jemi 75 million türk lirasy ýagny 1,5 million dollarlyk baýrak berler.
TEKNOFEST-e gatnaşyjylara şeýle hem 2 million dollardan gowrak maliýe kömegi berler.
TEKNOFEST-iň dolanşyk geňeşiniň we T3 gaznasynyň başlygy hökmünde Şyrnakda geçirlen festiwalyň açylyş dabarasyna gatnaşan Selçuk Baýraktar, Şyrnagyň Türkiýäniň dron tehnalogiýasynyň ösdürilmeginde uly rol oýnaýandygyny belledi.
Baýraktar Türkiýäniň ilkinji dronynyň 2006-njy ýylda Şyrnak welaýatynda synagdan geçirlendigini ýatlatdy.
Selçuk Baýraktar Şyrnagyň soňky 20 ýylda sebitiň terrordan saplanmagyndan soň tehnalogiýa taýdan ösendigini belledi.
Şyrnak welaýatynda başlan TEKNOFEST oktýabr aýynda Şanlyurfada tamamlanar.


























