Ýewropanyň Dil Synaglaryny Geçirijiler Assosiasiýasy (ALTE) tarapyndan tassyklanan Q-mark hil nyşanyna eýe bolan TYS türk diliniň halkara derejesindäki ygtybarlylygyny tassyklaýan ilkinji we ýeke-täk resmi dil synagydyr.
Synagda okamak, diňlemek, ýazmak we geplemek ýaly dört esasy dil başarnygy bahalandyrylýar. Üç tapgyrdan ybarat bolan synagyň umumy dowamlylygy 180 minutdyr.
Synagdan üstünlikli geçen dalaşgärler B2 we C1 derejelerinde Türk dili boýunça Yeterlik şahadatnamasyny almaga hukuk gazanýarlar. Bu şahadatnama Türkiýedäki ýokary okuw mekdeplerinde türk dili boýunça taýýarlyk synpyndan boşadylmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, akademik işjeňlik, işe kabul edilmek, ýolbeletlik hem-de terjimeçilik ýaly ugurlarda möhüm artykmaçlyklary üpjün edýär.
Türkiýe bilen birlikde Ýunus Emre institutlarynyň hereket edýän ähli ýurtlarynda bir wagtda geçiriljek synaga hasaba alyş işleri 2026-njy ýylyň 3–28-nji awgusty aralygynda kabul ediler. Synag bolsa 2026-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda geçiriler.
Synaga gatnaşmak isleýän dalaşgärler ýüz tutmalaryny www.sinav.yee.org.tr internet sahypasynyň üsti bilen tamamlap bilerler. Synagyň mazmuny, gollanmalar we beýleki jikme-jik maglumatlar bilen bolsa www.tys.yee.org.tr resmi internet sahypasynda tanşyp bolýar.




















