Prezident R. T. Erdogan, “Ysraýyl tarapyndan abanýa howplara garamazdan Siriýada parahatçylygyň, durnuklylygyň we asudalygyň ýola goýulýandygyny görýäris” diýdi.
Prezident Erdogan, Adalat we ösüş partiýasynyň TBMM-däki toparynda çykyş etdi.
Türkiýe hökmünde ähli taraplaýyn Siriýa goldaw berýändiklerini, siriýanyň halkynyň durnuklylygy we asudaly üçin öz üstlerine düşýän jogapkärçiligi ýerine ýetirmäge çalyşýandyklaryny aýdan Prezident Erdogan “Çagalary öldürmekden lezzet alýan gahorlar yzarlanýar we ýeke-ýekeden ýok edilýär. Ellerindäki ýaraglary bilen Türkiýä hemle atanlaryň Banýasda 248, Reýhanlyda 53 raýatymyzyň ganyny dökenleriň, özlerini gahrymandyr öýdýän dönükleriň jerimesini çekmeginiň wagty geldi” diýdi.
Prezident Erdogan “Banýasdaky, Reýhanlydaky we Siriýadaky gyrgynçylyklaryň jogapkäri bolan terrorçylary geçen hepde tussag eden Siriýanyň azwetka gullugynyň we Türkiýäniň milli howpsuzlyk gullugynyň gizlin gahrymanlaryny gutlaýaryn” diýip belledi.





















