Milli Azat edijilik göreşiniň ýeňiş bilen tamamlanmagyndan soň respublika tarap barýan ýolda 1923-nji ýylyň 28-nji oktýabry taryhyň öwrülşik nokatlaryndan biri bolýar.
Ankarada Çankaýa köşgünde agşam naharynda beýan edilen we Türkiýäniň geljegini kesgitlän bu karar, ertesi gün TBMM-de kabul edilýär we täze türk döwletiniň dolanşyk ulgamy resmi taýdan kesgitlenýär.
Respublika tarap barýan ýol, Mustafa Kemal Atatürkiň 1919-njy ýylyň 19-njy maýynda Samsuna barmagy bilen başlan Milli Azat edijilik göreşi ýyllarynda başlaýar.
Atatürk Erzurum kongresinde Mazhar Müfit Kansuýa ýeňişden soň guruljak hökümetiniň Respublika boljakdygyny aýdýar. Emma bu garaýşyny döwrüň şertleri sebäpli beýan etmekden gaça durýar.
1920-njy ýylyň 23-nji aprelinde TBMM-niň açylmagy milletiň özygtyýarlygyna esaslanýan täze dolanşyk ulgamynyň başlangyjy bolýar.
1923-nji ýylyň 24-nji iýulynda Lozzana parahatçylyk şertnamasyna gol çekişilmegi bilen Türkiýäniň garaşsyzlygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginden soň, 13-nji oktýabrda Ankara paýtagt hökmünde yglan edilýär. Şol gün täze döwletiň syýasy we dolanşyk ulgamynyň kesgitlenmeginde uly rol oýnaýar.
Çankaýada taryha geçen agşam
1923-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Ankara, türk syýasy taryhynyň iň iň möhüm kararlaryndan birine şaýatlyk etmek üçin taýarlanýardy.
Mustafa Kemaş şol agşam ýakyn ýoldaşlaryny Çankaýa köşgünde nahara çagyrdy.
Latife hanymyň taýarlan saçagynda Ismet serkerde, Kazym serkerde, Fethi serkerde, Kemalettin Sami serkerde, Halid serkerde, Fuat beý we Ruşen Eşref beý bardy.
Çankaýa köşgünde kabul edilen karar, ertesi gün Mejlisiň gün tertibine getirilýär.
Respublika sagat 20.30-da yglan edildi.
1923-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda duşenbe güni TBMM-i türk halkynyň geljeginde täze sahypa açjak taryhy wakalara sahna bolýar.
Anadoly habarlar gullugynyň arhiwinde ýer alýan fransuz dilinde berlen habara görä, Mejlis sagat 18.00-da jemlenişdi.
Konstitutsiýa komissiýasy tarapyndan taýarlanan we Respublikanyň yglan edilmegini göz öňünde tutýan teklip Mejlisiň gün tertibine alyndy.
Mejlisde edilen çykyşlardan soň 1921-nji ýylda kabul edilen konstitutsiýa üýtgetme girizildi we “Türkiýe döwletiniň hökümet gurluşygy Respublikadyr” diýlen düzgün kabul edildi.
Sagat 20.30-da sese goýulşyga gatnaşan 158 halk deputatynyň bir agyzdan ses bermegi netijesinde Respublika yglan edildi.
Mejlisde kabul edilen taryhy karar “Ýaşasyn Respublika” sesleri we alkyşlar bilen garşylandy.
“Türkiýe Respublikasy bagtyýar bolar”
Respublikanyň yglan edilmeginden soň şol gün prezident saýlawyna geçildi.
Geçirlen gizlin sese goýulşykda 158 halk deputatynyň bir agyzdan ses bermegi netijesinde Gazi Mustafa Kemal Türkiýe Respublikasynyň ilkinji prezidenti hökmünde saýlandy.
Prezident hökmünde ilkinji gezek Mejlisde çykyş eden Atatürk, türk halkynyň garaşsyzlyk göreşinde görkezen gahrymançylygyna ünsi çekdi we täze döwletiň geljegine uly ynam bildirýändigini belledi.
Atatürk taryhy çykyşyny “Türkiýe Respublikasy bagtyýar bolar, uly üstünlik we ýeňiş gazanar” diýip tamamlady.
I






















