ABŞ-nyň merkezi razwetka gullugy, Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň, Prezident Donald Trampyň Eýranda durnukly parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin edýän tagallasyny bökdäp biljekdigi barada Trampyň adminstrasiýasyna duýduryş berdi.
“Ze Waşington Post” gazetinde anna güni çap edilen we amerikaly ozalky resmilere esaslanylýan habara görä, Ysraýyl ýaňy ýakynda ABŞ bilen Eýranyň arasynda gazanylan ylalaşyga garamazdan Liwandaky hüjümlerini dowam etdirmekde ygrarly görünýär.
Amerikaly resmi Ysraýylyň Liwanyň günortasyndaky esgerlerini yzyna çekmegi kabul etmezliginiň ylalaşyk etabyny bökdäp biljekdigini aýtdy.
Amerikaly resmi “Ysraýyl Liwanyň esasy bölegini basyp almaga dowam edýär. Ysraýyl dolulygyna yza çekilmegi kabul etmän halatynda Ysraýylyň harby goşuny bilen Hizbullahyň arasyndaky çaknyşyklar dowam eder”diýdi.
ABŞ-nyň Wise-prezidenti Wens hem Ysraýyla berk duýduryş berdi.
Wens Trampyň dünýäde Ysraýyl döwletine uly goldaw berýän ýeke-täk liderdigine ünsi çekdi.
Amerikaly resmi Ysraýyl bilen Hizbullahyň anna güni ýerli wagt bilen 16.00-da ylalaşygyň güýje girmegi boýunça ylalaşyk gazanandygyny aýtdy.
Liwanyň Milli Habarlar gullugyna görä, günüň irki sagatlarynda Ysraýylyň Liwanyň günortasyna we gündogaryna guran hüjümlerinde azyndan 47 adam ýogaldy, köp sanly adam hem ýaralandy.
Ysraýylyň 2-nji martdan bäri Liwana guraýan hüjümlerinde 3 müň 912 adam ýogaldy, 11 müň 873 adam hem ýaralandy. 1 milliondan gowrak adam hem hüjümler sebäpli ýaşaýan ýerini terk etdi.
























