NATO-nyň Ankarada geçiriljek liderler sammiti üçin berk howpsuzlyk çäreleri görler
SYÝASAT
1 minut okamak
NATO-nyň Ankarada geçiriljek liderler sammiti üçin berk howpsuzlyk çäreleri görlerPaýtagt Ankarada iýul aýynyň 7-8-i aralygynda geçiriljek NATO-nyň 36-njy sammitiniň çäginde 70 müň adam howpsuzlygy üpjün eder.
Ankarada gün ýaşmagy, Anytkabir

Paýtagt Ankarada iýul aýynyň 7-8-i aralygynda geçiriljek NATO-nyň 36-njy sammitiniň çäginde 55 müňi polis gullukçysy jemi 70 müň adam iş alyp barar.

“Anadoly habarlar” gullugynyň berýän habaryna görä, sammit üçin paýtagtda berk howpsuzlyk çäreleri görülýär.

NATO-nyň liderler sammiti üçin 55 müňi ýaragly polis gullukçysy bolmak bilen jemi 70 müň adam howpsuzlygy üpjün eder.

Sammite NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary bilen birlikde 9 ýurduň lideri gatnaşar.

Sammitiň dowamynda howa menzillerinde, myhmanhanalarda, maslahatyň we oturlyşyklaryň geçiriljek ýerleriniň golaýynda berk howpsuzlyk çäreleri görler.

Paýtagt Ankarada guruljak gözegçilik nokatlarynda berk howpsuzlyk çäreleri görler.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen birlikde birnäçe ýurduň liderine degişli uçar Etimesgut harby howa menziline gonar.

Sammite gatnaşjak ýurtlaryň liderleriniň maşgalalary üçin Ankaranyň taryhy we syýahatçylyk ýerlerini öz içine alýan gezelençler geçirler.

Beýleki tarapdan Içeri işler ministri Mustafa Çiftçi sosial media arkaly beren habarnamasynda “Ýurdumyzyň ýer eýeçiliginde geçiriljek NATO-nyň liderler sammiti üçin degişli taýarlyklar görülýär” diýdi.