Prezident R. T. Erdogan güýç bäsleşiginiň gün saýyn güýçlenýän, düzgünlere äsgermezçilik edilýän, düzgünlere esaslanýan ulgamyň çynlakaýan gowşaýan diýseň ynjyk döwrünüň başdan geçirilýändigini nygtady.
Prezident Erdogan halkara ulgamyň başdan geçirilýän kynçylyklaryň hötdesinden gelip bilmeýändigine ünsi çekdi.
Prezident Erdogan, Stambul Kongres merkezinde “Merkezlendirilmedik dünýä: Düzgünler güýjüni ýitirende kim öňbaşçylyk eder?” temasy bilen geçirilýän TRT World Forum 2026-nyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
“Şu ýyl 10-njysy geçirilýän foruma gatnaşmakdan hoşal”diýen Prezident Erdogan, dünýäniň çar tarapyndan foruma gatnaşmak üçin gelenlere “Türkiýä hoş geldiňiz, Stambula hoş geldiňiz” diýdi.
Forumyň çäginde iki günüň dowamynda möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny, giň gerimli aktual halkara we sebitara meseleleriň seljeriljekdigini aýdan Prezident Erdogan, forumyň tutuş adamzat üçin düşümli bolmagyny diledi.
Erdogan energiýadan ykdysadyýete, emeli aňdan ulaglara, sebitara krizislerden halkara synaglara çenli birnäçe meselä garaljak foruma öz garaýyşlary bilen goşant goşjak her bir adama minnetdarlyk bildirdi.
Prezident Erdogan Türkiýäniň iň uly çärelerinden biri ýagdaýyna gelen TRT World Forumy şu ýyl hem üstünlikli ýagdaýda geçirilýändigi üçin TRT-niň ýolbaşçylaryny gutlady we olara minnetdarlyk bildirdi.
TRT-niň adaty köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, sanly giňişlikde ýörelgeli we jogapkärçilikli ýaýlym syýasatyny 62 ýyldan bäri dowam etdirýändigini aýdan Erdogan: “Dogry we bitarap habar beriş syýasaty, adama we hakykata gönükdirlen çemeleşmesi, ýokary hili many-mazmunly gepleşikleri bilen TRT-niň sesi dünýäniň çar tarapyna ýetýär.
2017-nji ýyldan bäri geçirilýän TRT World Forum bolsa şol sesi dürli diller, garaýyşlar we medeniýetler bilen has-da baýlaşdyran, dünýä derejesinde üns berilýän we ýokary baha mynasyp bolan platforma hökmünde tapawutlanýar.
Adamzadyň umumy meseleleri bu platformada öz ugurlary boýunça bilermen adamlar tarapyndan giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylýar. Aktual meseleler bilen birlikde geljegi şekillendirjek we milliardlarça adamyň durmuşyna öz täsirini ýetirjek meseleler bu platformara seljerilýär” diýdi.
Şu ýyl geçiriljek oturluşyklarda we tegelek stoluň başyndaky maslahatlarda 43 ýurtdan 150-ä golaý adamyň çykyş etjekdigini aýdan Erdogan, forumyň dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyny goşant goşmagyny diledi.





















