Makron: “Gazadaky ýagdaý biziň üçin utandyryjy”
SYÝASAT
1 minut okamak
Makron: “Gazadaky ýagdaý biziň üçin utandyryjy”Ysraýyl Fransiýanyň Prezidenti Makronyň Gaza baradaky çykyşyna garşylyk görkezdi.
Makron: “Gazadaky ýagdaý biziň üçin utandyryjy”

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 81-nji mejlisinde eden çykyşynda käbir ýurtlaryň Gazada parahatçylygyň ýola goýulandygyna ynanýandygyna garamazdan sebitiň halkynyň ynsanperwer kömegini alyp bilmeýändigini we bu ýagdaýyň hemmeler üçin utandyryjydygyny belledi.

Adalatyň we özara bähbidiň goralmagy üçin çagyryş eden Makron, dünýäde söweşleriň we krizisiň artýandygyna ünsi çekdi.

Makron “Dünýä ulgamyny güýçliniň kesgitleýän dünýäsinde ýaşamak isleýärmisiňiz” diýip ýüzlendi.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Liwanyň özygtyýarlygyna we bitewiligine goldaw berýändiklerini ýene-de bir gezek nygtady.

Palestiniň özygtyýarlygy barada hem durup geçen Makron “Bir ýyl ozal şu zalda birnäçe döwlet Palestini garaşsyz döwlet hökmünde ykrar etdi. Kagyz ýüzünde ykrar etdiňiz, emma hakykata serediň. Gaza meselesinde käbir ýurtlar parahatçylygyň ýola goýulandygyna ynanýar, emma sebitiň halky ynsanperwer kömegini alyp bilmeýär. Bu ýagdaý biziň üçin utandyryjy”diýdi.

Makron Ysraýylyň howpsuzlygynyň goňşy döwletleriň özygtyýarlygynyň basgylanmagyndan geçýändigine nygtaýanlaryň uly ýalňyşlyk edýändigine ünsi çekdi.

Fransiýanyň Prezidenti Siriýanyň özygtyýarlygyna we bitewiligine goldaw berýändiklerini nygtady.

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň Makronyň sözlerini ýazgarýandygy nygtaldy.

Netanýahu, Emmanuel Makrony töhmet atmakda günäkärledi.