SYÝASAT
1 minut okamak
Eýran ABŞ-na duýduryş berdi
Eýranyň harby goşunynyň metbugat sekretary, ABŞ-nyň hüjümlerine degişli gaýtawuly görkezjekdiklerini aýtdy.
Eýran ABŞ-na duýduryş berdi
Eýran ABŞ-na duýduryş berdi

Eýranyň harby goşunynyň metbugat sekretary Muhammed Ekreminiýa, Waşingtonyň ýurduna hüjüm eden halatynda, harby goşunyň ABŞ-na degişli harby merkezlere hüjüm gurajakdygyny duýdurdy.

Ynkylap goragçylary goşunyna ýakyn ýarym resmi “Defapress” gullugyna beýannama beren Ekreminiýa, ABŞ-na duýduryş berdi.

ABŞ-nyň sebitdäki harby merkezleri bilen birlikde Günorta günbatar Aziýada hem harby bazalarynyň bardygyny we şol bazalara esger ornaşdyrlandygyny ýatladan Ekreminiýa “Eýranyň ýaragly güýçleri ýurduna hüjüm guralan halatynda ABŞ-na degişli ähli harby merkezlere hüjüm gurar” diýdi.

Eýranyň harby goşunynyň metbugat sekretary Muhammed Ekreminiýa, resmi Tähranyň teklip eden şertleri kabul edilen halatynda Ormuz bogazynyň açyljakdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi.